ABŞ-nyň Buffalo uniwersitetiniň alymlary pyşbaganyň uzak ýaşamagynyň sebäbini anykladylar. Bu barada potokmedia.ru habar berdi.
Alymlar Ekwadordaky pyşbagalaryň nädip 100 ýyl ýaşap bilýändigi bilen gyzyklandylar. Netijede, olar munuň pyşbaganyň bedenindäki öýjük mehanizmleri bilen baglydygyny ýüze çykardylar. Bu mehanizmiň esasynda, rak keseline garşy derman hem döredip boljakdygy aýdylýar.
Pyşbaganyň bedeninde apoptoz mehanizminiň ösmegine getirýän genleriň goşmaça nusgalary ýüze çykaryldy. Ol bedendäki öýjükleri zeper ýetmeden gorap, pyşbagalaryň garramagyny haýalladýar.
Munuň bilen baglanyşykly geçirilen ylmy barlag “Genome Biology and Evolution” ylmy žurnalynda çap edildi. Şeýle hem, Buffalo uniwersitetiniň alymlary pyşbagalaryň beloklara zeper ýetirýän streslere garşy diýseň duýgurdygyny anykladylar.