Türkmenistanda şahsy awtoulaglarda agyz-burun örtüklerini dakmak hakynda

  • 23.06.2022 12:42
  • 101k+

TmCars.info ýakynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň Buýrugy bilen kesgitlenen Türkmenistanda epidemiýa garşy-sanitariýa (öňüni alyş) çäresi hökmünde agyz-burun örtükleriniň hökmany dakynylmaly ýerlerini habar beripdi.

Buýruga laýyklykda, Türkmenistanda agyz-burun örtükleri Türkmenistanyň Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerinde, jemgyýetçilik ulaglarynyň ähli görnüşlerinde, köpçülikleýin ýapyk binalarda hökmany dakynylmalydyr.
TmCars.info-nyň degişli gulluklardan anyklamagyna görä, agyz-burun örtüklerini hökmany dakmak talaby şahsy awtoulaglaryň sürüjilerine hem-de ýolagçylaryna degişli däldir. Şahsy awtoulag sürüjileri we ýolagçylar agyz-burun örtüklerini diňe islege görä dakyp bilerler. Jemgyýetçilik ulaglarynyň ähli görnüşlerinde bolsa bu talap berk berjaý edilmelidir.

Öň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ilat arasynda agyz-burun örtükleriniň ulanylýan ýerleri we olaryň zerur däl ýerlerini düşündirmek boýunça wagyz-nesihat işlerini geçirmegi tabşyrypdy.


08.06.2026 15:19
5.6k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....

25.05.2026 17:25
4k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8.2k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

22.05.2026 16:52
4.2k+

Onlaýn Hyzmat — biznesde: indi kart we QR-kod arkaly tölegleri kabul edip bolýar

Türkmen hünärmenleriniň «Onlaýn Hyzmat» ykjam goşundysy biznes üçin mümkinçiliklerini giňeldýär: indi ulgama diňe bir şahsy ulanyjylar däl, eýsem telekeçiler — dükanlar, serwisler we onlaýn platformalar hem......