Türkmenistanyň Prezidenti ilata örtükleriň ulanylýan we zerur däl ýerlerini düşündirmegi tabşyrdy

  • 12.06.2022 12:50
  • 78k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýer Sapardurdy Toýlyýewe ilatyň arasynda agyz-burun örtükleriniň ulanylýan ýerleri we olaryň zerur däl ýerlerini düşündirmek boýunça wagyz-nesihat işlerini geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, bu babatda köpçülikleýin habar beriş serişdelerini — gazet-žurnallary we teleradioýaýlymlary işjeň peýdalanmaly.
Agyz-burun örtüklerini dakynmaklyk ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çäreleriň möhüm bölegidir.
Öň habar berşimiz ýaly, 1-nji iýundan başlap, Türkmenistanda ulaglaryň ähli görnüşlerinden we ýapyk binalardan başga ýerlerde agyz-burun örtükleri aýryldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 6-njy maýda geçirilen sanly ulgam arkaly mejlisinde degişli teklibi makullady.


09.06.2026 23:14
5.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.1k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....