Исследование подтвердило пользу танцев для психического здоровья и снижения стресса

  • 24.03.2025 06:24
  • 4.8k+

Tans etmek adamyň keýpini göterýär, umumy saglyk ýagdaýyny gowulandyrýar we stres derejesini peseldýär. Şeýle hem psihologik streslere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Beýik Britaniýanyň Rohampton uniwersitetiniň alymlary tarapyndan, tans bilen stresiň arasyndaky arabaglanyşygy anyklamak maksady bilen geçirilen ylmy gözlegleriň netijeleri «Psychology of Sport and Exercise» ylmy žurnalynda çap edildi. Bu barada «Medical Xpress» neşiri habar berýär.

Täze ylmy işde tansyň strese edýän täsiri bilen baglanyşykly köp sanly barlaglardan alnan maglumatlar seljerildi. Sazyň we ritmiň, sosial gatnaşyklaryň we hereket bilen baglanyşykly fiziologik üýtgeşmeleriň adamyň bedenine edýän täsiri hem göz öňünde tutuldy.
Barlagyň dowamynda, tans etmegiň adamda duýgulary erkin beýan etmäge mümkinçilik döredýändigi anyklanyldy. Şeýle hem ol sosial aragatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýär. Hut şu faktorlar tansyň strese garşy «tebigy gorag buferi» bolup durýandygyny görkezýär. Tans edilende bedende oksitosin we endorfin ýaly bagt gormonlary bölünip çykýar. Bu gormonlar adama lezzet, rahatlyk we sosial baglanyşyk duýgusyny berýär. Şonuň üçin hem tans edýän adam özüni bagtly duýýar we sosial taýdan has açyk bolýar.
Täze barlagyň netijeleri saz bilen tans etmegiň aladany we dartgynlylygy azaldýandygyny görkezdi. Şeýle-de tans edilende stres gormony bolan kortizolyň derejesi hem peselýär. Tans ýüregiň urşunyň tizligini kadalaşdyrýar we ganyň basyşyny peseldýär.

«Şeýle ýakymly we lezzetli zadyň – tansyň biziň psihologik saglygymyza şeýle uly täsir ýetirýändigini görmek hakykatdan hem haýran galdyryjy. Gözleglerimiz görkezýär, tans edenimizde biz tebigy stres azaldyş mehanizmimizi işjeňleşdirýäris, bu bolsa durnuklylygy ýokarlandyrýar we gündelik basyş bilen başa çykmaga ýardam berýär» — diýip, gözlegiň awtorlaryndan Jonatan Skinner tansyň adam saglygyna edýän täsirine haýran galandygyny aýtdy.

Umuman alanyňda, bu ylmy gözlegiň netijeleri tansyň gündelik durmuşa goşulmagynyň psihologik saglyga we durnuklylyga uly täsir ýetirip biljekdigini görkezýär. Tans – diňe bir özüňi beýan etmegiň döredijilikli usuly bolman, eýsem, stres bilen göreşmegiň hem täsirli usuly bolup durýar.


23.06.2022 12:42
101k+

О ношении медицинских масок в личных автомобилях в Туркменистане

TmCars.info недавно сообщало об утвержденном приказе министра здравоохранения и медицинской промышленности Туркменистана о местах обязательного ношения медицинских масок в качестве профилактической меры противодействия...

16.06.2022 22:39
102k+

На территории Туркменистана где надо обязательно носить медицинские маски?

На территории Туркменистана медицинские маски обязательно носить: во всех видах общественного транспорт, в закрытых помещениях со скоплением людей, на контрольно-пропускных пунктах государственной границы. Это...

08.01.2022 18:45
30k+

Ученые узнали причину долголетия черепах и нашли потенциальное лекарство от рака

Ученые из Университета Буффало в США выяснили, почему черепахам удается прожить около 100 лет. Оказывается, причина кроется в клеточных механизмах в организме этих животных, пишет ИА «МедиаПоток» со ссылкой на...

19.12.2021 09:24
14k+

Раскрыт главный секрет долголетия жителей Японии

В ходе недавнего исследования выяснилось, что все японские долгожители имеют одну общую черту. Именно она является ключевой причиной долгой и здоровой жизни.Об этом сообщило турецкое издание Sözcü. Как отмечает...