Alymlar bäbekleriň haýsy sazda tiz uka gidýändigini anykladylar

  • 22.12.2022 16:01
  • 34k+

Bäbekler şadyýan we ritmiki sazy diňlänlerinde tiz uka gidýärler. Şotlandiýanyň Dandi uniwersitetiniň alymlary şeýle netijä geldiler. Degişli maglumat Psychological Studies žurnalynda çap boldy. 

Hünärmenler doglanyna bir hepde bolmadyk 100 sany çagaly maşgalanyň gatnaşmagynda synag geçirdiler. Bäbekleri ilki ümsümlikde, soňra bolsa haýal, şadyýan sazy diňledip ýatyrypdyrlar we olaryň tiz uka gidişine gözegçilik edipdirler.
Netijede, çagalaryň ümsümlikdäkä garanda, saz diňlänlerinde tiz uka gidýändiklerine we gözlerini hem tiz ýumýandyklaryna göz ýetiripdirler. Ýöne iň gowy netije şadyýan kompozisiýa ýaňlananda bellige alnypdyr. Alymlar sazyň çagalara edýän täsirini we olaryň reaksiýasyny öwrenmegini dowam edýärler.


08.01.2022 18:45
30k+

Pyşbagalaryň uzak ýaşamagynyň syry anyklanyldy

ABŞ-nyň Buffalo uniwersitetiniň alymlary pyşbaganyň uzak ýaşamagynyň sebäbini anykladylar. Bu barada potokmedia.ru habar berdi. Alymlar Ekwadordaky pyşbagalaryň nädip 100 ýyl ýaşap bilýändigi bilen gyzyklandylar...

04.11.2021 19:44
7.5k+

5G aragatnaşygy ekologiýa nähili täsir edýär?

5G aragatnaşygynyň ornaşdyrylmagy ekologiýa oňyn täsir eder. Bu barada Ericsson kompaniýasynyň saýtynda ýerleşdirilen hasabatynda habar berilýär diýip, lenta.ru belleýär.  Resminamada maglumatlary geçirmegiň has...

01.10.2021 16:55
20k+

Kofeni günüň haýsy wagtynda içmek has peýdaly?

ABŞ-dan dietologlar kofeniň has peýdaly bolmagy üçin ony içmegiň iň amatly wagtyny aýtdylar. Olaryň maslahatlary “She Finds” tarapyndan neşir edildi diýip, lenta.ru habar berýär. Amerikaly dietolog lukmany Kristina...

03.06.2025 14:56
3.4k+

“Daluw” HK öýler we edaralar üçin ýyladyş ulgamlaryny gurnap bermeklige arzanladyş yglan etdi

«Daluw» HK öýler we edaralar üçin amatly hem ygtybarly çözgüdini hödürleýär. Kompaniýa tomus paslynyň ahyryna çenli ýyladyş ulgamyny gurnap bermek boýunça arzanladyş aksiýasyny yglan etdi. Aksiýadaky toplumyň bahasy — 25 000 manat...