Böwrek rak keseliniň sekiz alamaty belli edildi

  • 31.10.2021 09:59
  • 21k+

Angliýanyň Milli saglygy goraýyş ulgamy bilen Cancer Research UK-nyň hünärmenleri böwrek rak keseliniň sekiz alamatyny belli etdiler diýip, “Express” neşiri habar berýär. Muny lenta.ru ýetirýär.

Materialda bu patologiýanyň Britaniýada onkologiýa keselleriniň arasynda ýaýraýşy boýunça ýedinji orny eýeleýändigi aýdylýar. “Eger-de siz böwrek rak keseli bilen keselleseňiz, hiç kim näçe wagt ýaşajakdygyňyzy anyk aýdyp bilmez, bu, köplenç rak keseliniň haýsy tapgyrdadygyna baglydyr” – diýip, hünärmenler belleýär.

Şeýle-de, olar, esasan böwrekdäki çişiň tötänleýin ýüze çykarylýandygyny, sebäbi adatça bu keseliň özüni görkezmeýändigini aýdýarlar. Şeýle-de bolsa, lukmana ýüz tutmalydygyny görkezýän birnäçe alamatlary sanap geçmek bolar.

Olardan ilkinjisi – peşewde gan ýa-da gematuriýa. Ganyň hemişe bolmagy hökmany däl. Bu gelip-gidip biler” – diýip, neşir belleýär. Şeýle-de, hünärmenler bu alamatyň käte güýçlenip, käte bolsa ýüze çykmasyny bes edip biljekdigini, şonuň üçin ilkinji gezek ýüze çykanda lukmana ýüz tutmalydygyny nygtaýarlar.

Böwrüňdäki çişler ýa-da pökgermeler hem onkologiýa keseliniň alamaty bolup biler. Mundan başga-da, böwrek rak keselinde horlanmak, ýokary temperatura bilen güýçli derlemek, ýadawlyk, işdäň kesilmegi, özüňi ýaramaz duýmak we arkaňda gapyrgalaryň aşagynda aýrylmaýan güýçli agyry bolup biler.


düýn 07:25
4.2k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
4.3k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......

31.05.2026 00:28
5.2k+

Hantawirusa garşy dermany ilkinji bolup Fransiýa, Ispaniýa we Niderlandlar alar

Hantawirus ýokanjyny bejermek üçin niýetlenen «Fawipirawir» atly synag tapgyryndaky  dermanyň ilkinji tapgyrlary Fransiýa, Ispaniýa we Niderlandlara iberiler. Bu barada Ýewropa Komissiýasy habar berdi....

30.05.2026 19:41
6.5k+

WP: Keniýa ABŞ-nyň Ebola keselli raýatlaryny öz çäginde bejermekden ýüz dönderdi

Keniýanyň kazyýeti Ebola ýokanjy bilen kesellän ABŞ-nyň raýatlaryny öz ýurdunyň çäginde saklamakdan we olary ýörite gurnalan meýdan gospitalynda bejermekden resmi taýdan ýüz dönderdi. Bu barada Amerikanyň......