Berdimuhamedow Magtymgulynyň heýkeliniň gurluşygy bilen tanyşdy

  • 27.10.2021 09:26
  • 20k+

26-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň soňky ýyllarda sazlaşykly ösýän günorta künjeginde bolup, bu ýerde Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň töwereginde tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Türkmen Lideri halkymyzyň akyldar şahyra beýik söýgüsiniň nyşany bolan ajaýyp toplumyň töwereklerini abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşdy. Wise-premýer E.Orazgeldiýew bu ýerde döredilýän Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy, bag nahallaryny oturtmak boýunça kesgitlenen ýer bölekleriniň, ekiljek bag nahallarynyň görnüşleriniň çyzgylary barada hasabat berdi. Döwlet Baştutany görkezilen taslamalar hem-de çyzgylar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Soňra wise-premýer Ç.Purçekow Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň baş meýilnamasy, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar, topluma gelýän ýoluň, bu künjegiň yşyklandyryş ulgamynyň taslamalary we çyzgylary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, eýeleýän meýdany 13,5 gektar bolan toplumyň çäginde bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalar, inženerçilik-tehniki ulgam hem-de toplumyň ýol-ulag düzümi, yşyklandyryş ulgamy bir bitewi sazlaşygy emele getirer.

Gurbanguly Berdimuhamedow medeni-seýilgäh toplumynyň çägindäki baýyrlyklarda dürli yşyklaryň kömegi arkaly beýik Pyragynyň dünýä meşhur şygyrlaryndan setirleriň beýan edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşmegi tabşyrdy.

Şeýle-de türkmen Lideri köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsümini şu ýerde geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.5k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.5k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......