Ulag we üstaşyr gatnawlaryny ösdürmek boýunça türkmen-özbek iş topary dörediler

  • 23.10.2021 14:45
  • 11k+

Hökümetiň 22-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Ulag we üstaşyr gatnawlaryny ösdürmek boýunça türkmen-özbek iş toparynyň» türkmen bölegini döretmek boýunça görülýän çäreler barada aýdyp, toparyň türkmen bölegini tassyklamak hakyndaky teklibi hödürledi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda demir ýol ulagy bilen halkara gatnawda 6,1 million tonna ýük daşaldy. Şol sanda demir ýol ulagy bilen Özbegistan Respublikasyna eksport we ýurdumyza import edilen ýükleriň möçberi 885,6 müň tonna deň boldy.

2021-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda 7485 sany daşary ýurt ýük awtoulag serişdeleriniň tirkegleri we ýarym tirkegleri üstaşyr geçirildi. Şol döwürde Özbegistan Respublikasy bilen serhetleşýän gözegçilik-geçiriş ýerleriniň üsti bilen 2914 sany daşary ýurt ýük awtoulag serişdeleri üstaşyr geçirildi hem-de 2046 daşary ýurt ýük awtoulag serişdeleri Türkmenistana getirildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň garamagyna Toparyň türkmen bölegini tassyklamak hakyndaky teklip hödürlenildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow beýan edilen teklibi makullap, agentligiň ýolbaşçysyna üstaşyr demir ýol we awtomobil ulaglary arkaly ýük daşalmagyny köpeltmek, geljekde beýleki goňşy döwletler bilen hem üstaşyr ýük daşalyşyny artdyrmak üçin degişli çäreleri görmek babatda anyk tabşyryklary berdi.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......