Türkmenistanyň Prezidenti durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji Ählumumy maslahata gatnaşdy

  • 15.10.2021 09:00
  • 15k+

14-16-njy oktýabrda Hytaýyň Pekin şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji Ählumumy maslahaty gibrid görnüşinde geçirilýär. HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu maslahata göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy.

«Durnukly ulag ulgamy, durnukly ösüş» mowzugy bilen geçirilýän ýokary derejeli maslahatyň gün tertibi ulag ulgamy ýaly möhüm ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleriniň giň toplumyny öz içine alýar. Ol döwlet we hökümet baştutanlaryny, BMG-niň ulgamynyň, şeýle-de ÝHHG-niň, YHG-nyň, ŞHG-niň, GDA-nyň, Ýewropa komissiýasynyň hem-de iş ulgamy ulag pudagynyň ähli ugurlaryna dahylly beýleki abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi.

Ýokary derejeli maslahatyň plenar mejlisinde eden çykyşynyň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ulag ulgamynda ysnyşykly hem-de giň gerimli halkara hyzmatdaşlygyň yzygiderli alnyp barylmagyna berk ygrarlydygyny belläp, ýurdumyzyň bu ugurda anyk teklipleriň birnäçesini öňe sürendigini aýratyn nygtady.

2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatyň logiki dowamy bolmak bilen, nobatdaky forum hem 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamyndaky Gün tertibiniň hem-de Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygynyň durmuşa geçirilmeginde durnukly ulag ulgamynyň derwaýyslygyny öňe çykarýar.


düýn 22:20
4.6k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.8k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.6k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....