Berdimuhamedow türkmenistanly lukmanlary hünär baýramçylyklary bilen gutlady

  • 09.10.2021 14:25
  • 5.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Gutlag iberdi. Onda ynsanyň baş baýlygy bolan saglygy goramakda saglygy goraýyş işgärleriniň zähmetine ýokary baha berilýär.

«Ynsan saglygyny goramak, saglygyň gadyryny bilmek halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgesidir. Baş Kanunymyz bolan Konstitusiýamyzda hem jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy bellenilýär. Şoňa görä-de, biz berkarar döwletimizde ilatymyzyň saglygyny goramak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny düýpli kämilleşdirmek babatda giň gerimli we tutumly işleri amala aşyrdyk» diýip, türkmen Lideri Gutlagynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge aýratyn üns berilýändigini nygtaýar.


09.06.2026 23:14
7.2k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....