Türkmenistanyň Prezidenti ýurtda COVID-19-yň ýaýramazlygy üçin görülýän çäreleri aýtdy

  • 09.10.2021 13:46
  • 14k+

8-nji oktýabrda BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň direktory Hans Klýuge bilen geçiren duşuşygynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hökümetiniň koronawirusyň ýüze çykmagynyň ilkinji günlerinden başlap, onuň garşysyna göreşmek boýunça maksada gönükdirilen anyk çäreleri görendigini nygtap, şolaryň netijesinde häzirki wagta çenli Türkmenistanda bu ýokanç bilen bagly ýagdaýyň hasaba alynmandygyny aýtdy.

COVID-19-a garşy göreşmek üçin Türkmenistanda, ine, şu öňüni alyş çäreleri geçirildi:

  • BSGG-niň ýurdumyz boýunça edarasynyň işjeň gatnaşmagynda Türkmenistanda döwlet derejesinde ýiti ýokanç keseline garşy göreşmäge hem-de netijeli çäreleri görmäge taýýarlygy üpjün etmegiň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy we tassyklanyldy.
  • Ýurdumyzda Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topar döredildi.
  • Bu ýokanç keseliň ýurdumyzyň çäklerine aralaşmagyna we ýaýramagyna ýol bermezlik maksady bilen, üçhalkalaýyn öňüni alyş ulgamy döredildi.
  • Raýatlaryň daşary ýurtlara gitmegi we daşary ýurtly raýatlaryň ýurdumyza gelmegi, şeýle hem halkara howa ugurlary boýunça uçuşlar wagtlaýyn togtadyldy.
  • Türkmenistanyň döwlet serhedinde ýurdumyza ýükleri getirmek we üstaşyr geçirmek üçin 9 sany gözegçilik geçiriş nokatlary açyldy. Ýurdumyzyň demir ýollarynyň ugurlary boýunça welaýat we etrap gözegçilik nokatlary döredildi.
  • Raýatlar üçin lukmançylyk gözegçiliginiň iki tapgyrdan ybarat ulgamy ýola goýuldy. Bu işler häzirki wagtda hem dowam edýär.
  • Birinji tapgyrda daşary ýurtlardan gelýän raýatlardan barlaghana nusgalary alynýar. Şundan soňra olar Garabogaz, Türkmenbaşy we Türkmenabat şäherlerinde döredilen karantin zolaklarynda gözegçilik astynda saklanylýar.
  • Ikinji tapgyrda, hassahanalardan çykarylan raýatlar öz öýlerinde ýaşaýan ýerleri boýunça 14 günüň dowamynda maşgala lukmanynyň gözegçiliginde saklanylýar.
  • Aýratyn howply keseliň öňüni almak boýunça çäreleri güýçlendirmegiň çäklerinde, ähli lukmançylyk edaralary zerur lukmançylyk enjamlary, gorag serişdeleri, test-ulgamlar, zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen doly üpjün edildi.
  • Döwlet serhedindäki ähli gözegçilik-geçiriş nokatlarynda serhet, gümrük, saglygy goraýyş, oba hojalyk gulluklarynyň işgärlerinden we hünärmenlerinden düzülen toparlaryň gije-gündiziň dowamynda nobatçylyk etmegi ýola goýuldy.
  • Ähli edaralarda dezinfeksiýa, zyýansyzlandyryş işlerini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreler ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär.
  • Ähli edaralarda we kärhanalarda, bilim edaralarynda, jemgyýetçilik ýerlerinde, söwda nokatlarynda hem-de bazarlarda, ulaglaryň ähli görnüşlerinde, serhetýaka zolaklarynda we ilatly ýerlerde öňüni alyş zyýansyzlandyryş-dezinfeksiýa işleri güýçlendirilen tertipde alnyp barylýar.
  • Gerek bolanda ýiti ýokanç keseliň ýüze çykmalaryna meňzeş ýagdaýly şahslary saklamak üçin täze karantin merkezleri gurlup, aýry-aýry lukmançylyk edaralarynyň ugry üýtgedildi.
  • Ilatyň arasynda waksinalaryň “Sputnik V” ýaly dürli görnüşleri bilen ählumumy sanjym işleri amala aşyrylýar.
  • Şeýle hem öz görýän çäreleri arkaly dünýä jemgyýetçiliginiň alyp barýan işlerine goşulyşyp, Türkmenistan koronawirusa garşy göreşmekde halkara tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe möhüm başlangyçlar bilen çykyş etdi.

şu gün 00:03
1.8k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.4k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......