Aşgabatdaky halkara forumda lukmançylyk diplomatiýasyna aýratyn üns berildi

  • 09.10.2021 15:19
  • 3.4k+

“Lukmançylyk diplomatiýasy – sagdyn dünýäniň binýady” atly halkara maslahat öz işini COVID-19 pandemiýasy döwründe gazanylan tejribäni ulanmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ikinji sessiýada dowam etdi. Ony Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky wekili Ý.Zaýsew alyp bardy.

Ikinji sessiýanyň dowamynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow, BSGG-niň immunizasiýa, sanjymlar we biologik serişdeler boýunça bölüminiň direktory K.O’Braýen, Russiýa Federasiýasynyň “Rospotrebnadzor” gullugynyň “Wektor” wirusologiýa we biotehnologiýalar döwlet ylmy merkeziniň Federal ylmy býudjet edarasynyň baş direktory R.Maksýutow, BSGG-niň Ýewropa sebitleýin edarasynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça sebitleýin direktory D.Nitsan, Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň sanly hyzmatlar boýunça baş utgaşdyryjysy H.Eskandar, BSGG-niň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň sanly saglygy goraýyş meseleleri boýunça sebitleýin geňeşçisi K.Gamilton çykyş etdiler.

Mejlisde çykyş edenler lukmançylyk diplomatiýasynyň ýokanç kesellere garşy göreşde ösüş gazanmakda uly ornunyň bardygyny bellediler. Türkmenistanyň ýokanç kesellere garşy bilelikdäki bütindünýä göreşe gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygynyň işjeň ösdürilmegi, şeýle-de döwletimiziň saglygy goraýyş ulgamyndaky esasy başlangyçlary barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle-de çykyşlarda COVID-19-a garşy sanjymlaryň geçirilmeginiň, lukmançylyk hyzmatlarynyň ählumumy gurşawyny amala aşyrmak üçin sanjymlaryň hemmeler üçin elýeterli bolmagynyň üpjün edilmeginiň zerurlygy barada aýdyldy.


09.06.2026 23:14
7.2k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....