Türkmenistan Türki geňeşiň Stambuldaky sammitine synçy derejesinde gatnaşmaga çagyryldy

  • 08.10.2021 10:22
  • 5.5k+

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti türkmen Liderine hat ýollady. Onda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine agza döwletleriň ählisiniň Türkmenistana bu düzümde synçy derejesiniň berilmegini biragyzdan goldandygy mälim edilýär. Ýeri gelende bellesek, Azerbaýjan şu ýyl Türki geňeşde başlyklyk edýär.

«Biz mundan beýläk-de Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyzy hemmetaraplaýyn giňeltmäge berk ygrarlydyrys» diýip, Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistanyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşinde synçy derejesini almak baradaky çözgüdine örän şatdygyny mälim edýär.

Hatda: «Başlyklyk edýän ýurt hökmünde Azerbaýjan Siziň ýüzlenmäňizi geňeşe agza döwletlere iberdi. Agza döwletleriň ählisiniň Türkmenistana Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşde synçy derejesiniň berilmegini biragyzdan goldandygyny tüýs ýürekden kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Biz dostlukly we doganlyk Türkmenistanyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Stambulda geçiriljek VIII sammitine synçy döwlet hökmünde gatnaşmagyna örän şat bolarys» diýlip beýan edilýär.


şu gün 00:03
2.4k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.5k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......