Türkmenistan bilen Russiýanyň haryt dolanyşygynyň möçberi 1 milliard 86 million dollara deň boldy

  • 08.10.2021 10:24
  • 11k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda Wladimir Putiniň doglan güni mynasybetli geçirilen telefon söhbetdeşliginiň barşynda iki döwletiň arasyndaky haryt dolanyşygy barada habar berildi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 8 aýynda özara haryt dolanyşygynyň umumy möçberi 1 milliard 86 million dollara barabar boldy.

Söhbetdeşlikde bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň artandygy kanagatlanma bilen bellenildi. Türkmen statistikasyna laýyklykda, şu ýylyň 8 aýynda, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, haryt dolanyşygy 12,5 göterim artdy. 2021-nji ýylyň 8 aýynda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň umumy möçberi 1 milliard 86 million amerikan dollaryna barabar boldy.

Şunuň bilen birlikde, özara iberilýän harytlaryň sanawynyň yzygiderli giňelýändigi bellenildi. Munuň özi bolsa hyzmatdaşlygyň köpugurly häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Nebitgaz ulgamynda hem-de gazhimiýa, awtomobil senagaty, gämigurluşyk, howa ulagy we beýleki ulgamlarda özara gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär.


şu gün 07:42
157

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......