«Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady» atly lukmanlaryň halkara forumy geçiriler

  • 02.10.2021 14:09
  • 2.7k+

1-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek çäreler, hususan-da, «Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady» atly lukman alymlaryň halkara forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, her ýyl 10-njy oktýabrda bellenilýän saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli birnäçe çäreler göz öňünde tutuldy.

Şeýle hem baýramçylygyň öň ýanynda BSGG tarapyndan Bütindünýä palliatiw saglygy goraýyş kömek güni mynasybetli wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek halkara maslahata gatnaşmak meýilleşdirilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, her günki yhlasly zähmeti bilen ilatyň saglygyny berkitmäge, diýmek, onuň bagtyýarlygyny we abadançylygyny üpjün etmäge uly goşant goşýan saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi mynasyp baýram etmegiň möhümdigini nygtady.


11.05.2026 23:10
2.5k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
3.8k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.5k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....

08.05.2026 00:12
4.4k+

Russiýada nerwleriň, süňkleriň we oňurga ýiliginiň transplantasiýasyna rugsat berildi

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýada transplantasiýa etmäge rugsat berilýän beden agzalarynyň we dokumalaryň täzelenen sanawy güýje girýär....