Ilon Mask dünýäniň iň baý adamlarynyň reýtinginde birinji orna çykdy

  • 29.09.2021 18:44
  • 11k+

Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň ýolbaşçysy bolan amerikaly telekeçi Ilon Mask dünýäniň iň baý adamlarynyň reýtinginde birinji orny eýeledi. Bu barada sişenbe güni neşir edilen “Forbes” žurnalynyň reýtinginiň maglumatlarynda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

Neşiriň hasaplamasy boýunça, Maskyň baýlygy 203,4 mlrd dollardan gowrak boldy. Reýtingiň ikinji ornuny 197 mlrd dollardan gowrak baýlygy bilen dünýäniň iň uly onlaýn reteýleri bolan Amazon-yň ýolbaşçysy Jeff Bezos eýeleýär. Üçünji orunda 174,9 mlrd dollar bilen Fransiýanyň LVMH (Louis Vuitton Moet Hennessy) kompaniýalar toparynyň baş müdiri Bernar Arno ýerleşýär. Bäşlige 131 mlrd dollar bilen Microsoft korporasiýasyny esaslandyryjylaryň biri Bill Geýts we baýlygy 126 mlrd dollardan geçen Facebook kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg hem girýär.

Žurnalyň bellemegine görä, Mask dünýäde baýlygy 200 mlrd dollara ýeten üçünji adam boldy.

Bloomberg agentligi Maskyň aktiwleriniň umumy bahasyny 213 mlrd dollardan gowrak diýip bahalandyrýar. Agentlik tarapyndan düzülýän dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda hem Mask Bezosdan öňe geçip, birinji orny eýeleýär. 


20.06.2026 10:45
3.9k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

12.06.2026 12:35
2.5k+

SpaceX taryhda iň uly IPO-ny geçirdi: kompaniýa $1,77 trln bilen bahalandyryldy

Ilon Maska degişli bolan SpaceX aerokosmos kompaniýasy özüniň gymmatly kagyzlaryny ilkinji gezek biržada ýerleşdirmek (IPO) çäresini geçirdi. «Reuters» habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, bu waka bütin dünýä......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....