Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtly işewürler bilen duşuşyklary geçirdi

  • 29.09.2021 08:49
  • 8.8k+

28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurtly işewürleriň birnäçesi bilen duşuşdy. Olaryň hatarynda “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petruk, “Yug-Neftegaz Private Limited” (Singapur) kompaniýasynyň direktory Igor Burkinskiý, ABŞ-nyň “John Deere” kompaniýasynyň oba hojalyk we bagçylyk-park bölüminiň ýolbaşçysy Markwart fon Pents, “Altkom” maliýe-senagat toparynyň başlygy Aleksandr Tislenko bar.

 “John Deere” kompaniýasy giň möçberli milli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Munuň özi hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär. Şu döwürde ýurdumyza degişli kysymdaky dürli oba hojalyk tehnikalarynyň müňlerçesi getirildi. Kompaniýanyň inženerleri we hünärmenleri tehnikalaryň görnüşlerini kämilleşdirýärler, olaryň Türkmenistanyň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelmegi babatda bildirilýän talaplara laýyklykda enjamlaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär diýip, “John Deere” kompaniýasynyň oba hojalyk we bagçylyk-park bölüminiň ýolbaşçysy Markwart fon Pents belledi.

“Altkom” maliýe-senagat toparynyň başlygy Aleksandr Tislenko öz ýolbaşçylyk edýän iri gurluşyk kompaniýasynyň geljekde hem jogapkärli tabşyryklary ýokary hilli hem-de bellenilen möhletlerinde ýerine ýetirjekdigine, Türkmenistanyň ykdysady ösüşine uly goşant goşmak üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

“Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petruk hem “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň geljegi uly hem-de işlemek üçin ähli zerur şertler döredilen türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň toplan tejribesini türkmen hyzmatdaşlary bilen paýlaşmaga we täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

“Yug-Neftegaz Private Limited” (Singapur) kompaniýasynyň direktory Igor Burkinskiý bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda ugurdaş taslamalary we ýurdumyzyň nebitgaz senagatynda amala aşyrylýan maksatnamalary ýerine ýetirmegiň çäklerinde özara peýdaly hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan bu kompaniýanyň Goturdepe käninde alyp barýan işleri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň sentýabr aýynda türkmen Lideri degişli Karara gol çekdi. Resminamada “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň bu kompaniýa bilen tebigy uglewodorod käniniň gündogar böleginde 3D, şeýle hem “Günorta Burun” meýdançasynda 2D gözleg-barlag işlerini ýerine ýetirmek boýunça şertnama baglaşmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Igor Burkinskiý döwlet Baştutanyna alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hasabat berdi we ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ähli tejribesini we mümkinçiliklerini hödürlejekdigini nygtady.


27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......