Türkmen Lideri Sankt-Peterburgyň gubernatory bilen duşuşdy

  • 26.09.2021 22:15
  • 7k+

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowyň ýolbaşçylygyndaky rus wekiliýeti Aşgabada geldi. Şu gün, 26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aleksandr Beglowy kabul etdi. Bu barada topspb.tv saýtynda habar berilýär.

Sankt-Peterburgyň gubernatory duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentini we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlap, geçen döwrüň dowamynda ýurduň ykdysady we durmuş taýdan belent sepgitlere ýetendigini belledi.

 Bellenilişi ýaly, häzirki wagta çenli Sankt-Peterburg bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar ýokary derejä ýetdi. Russiýanyň demirgazyk paýtagty bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 30 göterime çenli artmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Beglow Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlara hormat goýmak, olaryň sarpasyny saklamak barada hem pikir alyşdylar. Gubernator türkmen halkyna minnetdarlyk nyşany hökmünde Sankt-Peterburgyň Aşgabatda ýadygärlik gurmak isleýändigini mälim etdi.

Ýeri gelende bellesek, Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow 2020-nji ýylyň 13-nji fewralynda hem Aşgabatda saparda bolup, türkmen Lideri bilen ikiçäk duşuşyk geçirdi. Şol gepleşikleriň barşynda söwda-ykdysady, energetika, gämigurluşyk, gazsenagat toplumy, IT-tehnologiýalary, hususan-da, täze «akylly» şäherleriň gurluşygynda ulanylýan tehnologiýalar hem-de kommunikasiýa ulgamynda tagallalary birleşdirmek, degişli düzümi döwrebaplaşdyrmak we halkara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. 


düýn 22:55
235

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
9.9k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

03.05.2026 12:23
8.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......