Türkmenistanda 6 zenan «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanyldy

  • 26.09.2021 17:17
  • 10k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi.

Resminama laýyklyda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berkitmäge, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini we ahlak sütünlerini pugtalandyrmaga, türkmen halkynyň ruhy başlangyçlarynyň we däpleriniň yzygiderliligini üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, ösüp gelýän ýaş nesli okatmakda, ýaşlary türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak duýgusynda, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik we mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin, aýratyn önjeýli jemgyýetçilik işlerini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, ýurdumyzyň şu raýatlary Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanyldy:

  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäherindäki 67-nji orta mekdebiniň mugallymy Nartäç Muhammetnazarowa,
  • Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Bäherden şäher Geňeşiniň hünärmeni Orazbike Pirmuhammedowa,
  • Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Balkan welaýat medeniýet merkeziniň işçisi Gözel Hudaýberdiýewa,
  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 20-nji orta mekdebiniň mugallymy Eneş Atabaýewa,
  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Döwletli etrabyndaky 30-njy orta mekdebiniň mugallymy Rozygül Altyýewna Ýalkapowa,
  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mary welaýatynyň Mary etrabyndaky 2-nji orta mekdebiniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary Aksoltan Öwezberdiýewna Baýramowa.

düýn 10:10
2.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.5k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......