18 adama «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy» diýen at dakyldy

  • 26.09.2021 17:10
  • 11k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändiklerini hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny görkezýändiklerini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy» diýen at dakyldy:

  • Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň daşary ýurt edebiýaty kafedrasynyň müdiri Romanguly Mustagowa,
  • «Sowadyş toplumy» hususy kärhanasynyň başlygy Rejepmyrat Allaberdiýewe,
  • Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Gypjak ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýjysy, pensioner Atamyrat Hangeldiýewe,
  • Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky Beýik Saparmyrat hajy metjidiniň baş ymamy Gylyçniýaz Atageldiýewe,
  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 23-nji orta mekdebiniň müdiri Kowus Meretmämmedowa,
  • Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap statistika bölüminiň hünärmeni Orazgeldi Aşyrowiç Çepbeýewe,
  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň umumy orta bilim bölüminiň baş hünärmeni Orazmämmet Begjanowa,
  • «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Balkan geofizika ekspedisiýasynyň meýillendiriş-ykdysadyýet bölüminiň başlygy Tagan Taganowa,
  • Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Hemra Ýagdyýewiç Saryýewe,
  • Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Baýrammyrat Ýusupowiç Allanazarowa,
  • Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Berkarar geňeşliginiň Guljangala obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Atagulla Ibadullaýewe,
  • Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Rowaçlyk geňeşliginiň Bagtyýarlyk obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Çäşem Daňatarowiç Samaýewe,
  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Darganata etrabyndaky 3-nji orta mekdebiniň mugallymy Babahan Abdullaýewe,
  • Lebap welaýatynyň Kerki etrap häkimliginiň ykdysadyýet we sarp ediş toplumy bölüminiň müdiri Akmurat Jumageldiýewe,
  • Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Hojambaz şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Hojakul Gandymowiç Huddyýewe,
  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mary welaýatynyň Murgap etrabyndaky 15-nji orta mekdebiniň mugallymy Öwezgeldi Mäterowa,
  • Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Çerkezköl geňeşliginiň Çerkezköl obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Muhammetmyrat Hojamyradowa,
  • Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Babasary geňeşliginiň Babasary obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Agajan Töräýewe.

düýn 11:17
6.9k+

Türkmenistanda 110 müňe golaý uçurym üçin soňky jaň kakyldy

Türkmenistanda 2025/2026-njy okuw ýylynda 110 müňe golaý okuwçy orta mekdebi tamamlaýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär....

23.05.2026 15:54
6.5k+

Büzmeýin etrabynda täze mekdepler, çagalar bagy we saglyk öýi gurlar

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň «Bagyr» ýaşaýyş toplumynda täze mekdepler, çagalar bagy we saglyk öýi gurlar. Paýtagty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we şäher infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak maksady......

23.05.2026 15:48
5.3k+

Iýun aýynda ýurdumyzda nähili medeni-dabaraly çäreler geçiriler

Şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri we Arkadag şäheriniň 3 ýyllyk baýramy mynasybetli giň gerimli dabaralar geçiriler....

23.05.2026 13:12
3.2k+

3-nji iýunda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanda bedenterbiýe-sport we giň gerimli sagdyn durmuş çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär....