Aşgabatda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň mejlisi geçirildi

  • 25.09.2021 17:19
  • 24k+

Şu gün, 25-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky «Ruhyýet» köşgünde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň mejlisi geçirildi.

Döwletli çäräni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow alyp  bardy. Maslahatyň gün tertibini yglan edip, türkmen Lideri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly senesi we Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşinde gazanylan taryhy üstünlikler hem-de geljek üçin maksatlar, wezipeler, ileri tutulýan ugurlar hakynda söz sözledi.

Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň aýratynlyklary, ykdysady ösüşiň görkezijileri we mümkinçilikleri, ýaş nesilleri giň dünýagaraýyşly, çuňňur bilimli edip terbiýelemegiň baş maksatlaryň biridigi hakda nygtap geçdi. Ösüşiň häzirki belent derejesi bilen çäklenmän, ýene-de täze sepgitlere tarap aýgytly hem-de ynamly öňe ilerlemelidigini aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp bolan raýatlary sylaglamak hakynda resminamalara gol çekdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen meşhur diplomat Çynar Täjiýewna Rustamowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ada mynasyp boldy.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....