Lebap, Daşoguz welaýatlarynyň wekiliýetleri Buharada we Horezmde iş saparynda bolar

  • 21.09.2021 08:15
  • 11k+

Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň wekiliýetleri 2021-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda degişlilikde, Özbegistan Respublikasynyň Buhara we Horezm welaýatlarynda gulluk iş saparynda bolar. Bu baradaky degişli Buýruga 20-nji sentýabrda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde türkmen Lideri gol çekdi.

Iş saparlarynyň maksady Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglydyr. Mejlisiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Özbegistany hoşniýetli goňşuçylyk we doganlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny hem-de olaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belläp, ähli ugurlar boýunça, şol sanda sebitleriň derejesindäki özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.


şu gün 15:15
63

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 01:36
4.7k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7.1k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.6k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....