Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleri Duşenbede duşuşyk geçirdiler

  • 17.09.2021 22:14
  • 14k+

Şu gün, 17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Täjigistanyň paýtagty Duşenbede geçirilen mejlisiniň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ebrahim Raisi bilen duşuşyk geçirdi diýip, irna.ir eýran habarlar agentligi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Ebrahim Raisi Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary iki goňşy ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň çäginden çykyp, Aşgabat bilen Tähranyň özara gatnaşyklaryny has hem berkitmek we çuňlaşdyrmak üçin oňat mümkinçiliklere eýedigini belledi.

EYR-nyň Prezidentiniň aýtmagyna görä, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparlaryň mejlisleri Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge netijeli täsir edip biler.

«Energetiki alyş-çalyş we iki ýurduň arasyndaky özara söwdanyň hem-de harytlaryň dolanyşygynyň artdyrylmagy Tähran bilen Aşgabadyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek üçin mümkin bolan ugurlaryň biridir» - diýip Raisi belledi.

Duşuşygyň barşynda Prezidentler gaz meselesini çözmegi hem ylalaşdylar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem Türkmenistan bilen Eýranyň dostlukly gatnaşyklaryna çuňňur kanagatlanma bildirip, iki ýurduň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparlaryň mejlisini yzygiderli esasda geçirmegiň meýilleşdirilýändigini belledi.

Berdimuhamedow Eýran bilen Türkmenistanyň üstaşyr kuwwatlyklarynyň işjeňleşdirilmeginiň iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny täze derejä çykarmakda möhüm orun eýelejekdigini nygtady.


düýn 16:30
503

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
695

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......