Gurbanguly Berdimuhamedow ŞHG-niň ýubileý mejlisinde çykyş etdi

  • 17.09.2021 18:17
  • 21k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilýän Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Bitaraplyk halkara derejesiniň eýesi hökmünde Türkmenistan ŞHG bilen bilelikde döwrümiziň iň möhüm meselelerini çözmekde, ilkinji nobatda, terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmekde, şeýle hem maglumat we biologiýa pudagynda hyzmatdaşlyga taýýardyr diýip, Türkmen Lideri çykyşynda belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda köptaraply, yzygiderli we maksada okgunly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň ösüş üçin täze güýçli itergi berip biljekdigine, Ýewraziýa giňişliginiň hemme ýerinde syýasy, ykdysady, durmuş we ynsanperwerlik işleriniň çalt we ýokary hilli bolmagyna goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini we bu özara gatnaşyklaryň Merkezi Aziýa sebitiniň çalt ösmegi üçin möhüm ähmiýete eýe bolan ulag, logistika we ykdysady merkeze we berk baglanyşyga öwrüljekdigine ynanýandygyny aýtdy.

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň başlyklyk etmeginde «Kohi nowruz» köşgünde geçirilýän sammite – Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Pakistanyň Premýer-ministri Imran Han, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdy.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin we Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi onlaýn tertibinde gatnaşan sammitine Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi sammitde öz ornuny aldy.Şeýle hem köp sanly halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdy. Mundan baş-da, bu sammite BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Türkmenistandaky sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, Hytaýyň daşary işler ministri Wan I hem-de Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow dagy gatnaşdy.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......