R.Meredow Owganystanyň wagtlaýyn Hökümetiniň başlygynyň orunbasary bilen gepleşikleri geçirdi

  • 16.09.2021 10:10
  • 12k+

Wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanyň wagtlaýyn Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Abdul Salam Hanafi bilen wideo baglanyşyk arkaly gepleşik geçirdi. TASS-yň habaryna görä, bu barada «Taliban» hereketiniň wekili Muhammet Naim duşenbe güni özüniň Twitter sahypasynda habar berdi.

«Mawlawi Abdul Salam Hanafi goňşy Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi we Owganystanyň özara gyzyklanma bildirýän meseleler boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ugrunda hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady» –diýlip habarda aýdylýar.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Hanafini Owganystanyň täze hökümetiniň saýlanmagy bilen gutlady we resmi Aşgabadyň «ýurtlaryň arasynda dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek" niýetini ýene bir gezek tassyklady.

Türkmen diplomaty iki döwlet üçin möhüm taslamalaryň hatarynda Owganystanyň demirgazygyndaky Andhoý (Farýab welaýaty) şäherinden geçýän Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýol magistralynyň gurluşygyny tamamlamak, Türkmenistanyň Günorta Aziýa gaz iberjek TOPH gaz geçirijisiniň tasmalasyny durmuşa geçirmek, şeýle hem elektroenergetika ulgamynda taslamalary ileri tutulýan wezipeler hökmünde belläp geçdi.

Türkmenistan şeýle hem doganlyk owgan halkyna ynsanperwer kömegini bermegini dowam etjekdigini beýan etdi.


düýn 16:30
580

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
724

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.8k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......