8 aýda Türkmenistan tebigy gazyň 55 milliard kub metrini gazyp aldy

  • 15.09.2021 07:32
  • 3.5k+

Şu ýylyň 8 aýynda Türkmenistanda tebigy gazyň gazylyp alnyşy 55 milliard kub metrden geçdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 10,4 milliard kub metr köpdür.  Bu tngizt.gov.tm internet saýtynda habar berilýär. 

Bellenilişi ýaly, tebigy gazyň gazylyp alynmagynyň artdyrylmagy dünýä bazarynda ekologik taýdan arassa ýangyja bolan islegiň ýokarlanýandygy bilen baglydyr. Şunlukda, Türkmenistan tebigy gazyň 31 milliard kubmetre golaý mukdaryny eksport etdi. Bu hem 2020-nji ýylyň ýanwar-awgust aralygyndaky görkezijiden 8,3 milliard kub metr artykdyr. Ösüş depgini bolsa 137 göterime deňdir. 

Türkmen gazyny esasy import ediji hökmünde Hytaý Halk Respublikasy öňe saýlanýar. Merkezi Aziýa ― Hytaý gaz geçirijisi boýunça bir ýylda 40 milliard kubmetr gaz bu döwlete eksport edilýär. Emma bu gaz geçirijiniň kuwwaty ýylda 55 milliard kub metr gazy geçirmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistandan gaýdýan bu gaz magistralynyň işe girizilen wagtyndan bäri Hytaý Halk Respublikasyna harytlyk gazyň 300 milliard kub metri eksport edildi.

Şunuň bilen baglylykda, ýurduň içerki bazarynda mawy ýangyja bolan isleg hem artýar. 


düýn 15:16
3.5k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

12.06.2026 21:08
9.5k+

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters......

08.06.2026 19:01
4.8k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....