Halk Maslahatynyň mejlisine we Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy

  • 08.09.2021 07:47
  • 13k+

7-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda öňde boljak Halk Maslahatynyň mejlisini guramak, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny baýram etmek hem-de täze iri desgalaryň birnäçesiniň açylyşy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň barşynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa şanly sene mynasybetli paýtagtymyzda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görlüşi barada maglumat berdi. Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri hem-de onuň dowamynda garalmagyna hödürlenilýän meseleler barada çykyş etdi.

Döwlet Baştutany türkmen jemgyýetiniň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek, onda hakyky demokratik ýörelgeleri berkarar etmek boýunça Halk Maslahatynyň işiniň örän wajypdygyny belläp: «Şu ýörelgelerden ugur alnyp, jemgyýetçilik ösüşiniň durnuklylygyny üpjün etmäge hem-de halkymyzyň agzybirligini berkitmäge ýardam bermäge gönükdirilen giň gerimli işler yzygiderli geçirilýär. Şoňa görä-de, bu ugurda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde mundan beýläk-de tagallalar gaýgyrylmaly däldir» diýip nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin degişli meseleleri öz wagtynda we toplumlaýyn çözmegiň ähmiýeti, dürli düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, önümçilige öňdebaryjy tejribäni, innowasion tehnologiýalary we sanly ulgamlary ornaşdyrmagyň wajypdygy barada aýdyp, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görlüşi, ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň depginleri barada hasabatlary diňledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň baýram edilmegi baradaky meselä degip geçip, bu şöhratly senäniň türkmenistanlylaryň durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrülmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany baş baýramçylyga gabatlanylyp, göz öňünde tutulan dabaralary we çäreleri ýokary derejede guramak boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigine degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi.


düýn 22:10
2.3k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
2.8k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 15:47
7.7k+

Türkmenistanda howa ýagyşly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

düýn 12:26
767

Türkmenistanyň wekiliýeti Bonndaky klimat maslahatyna gatnaşýar

Daşary gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň kömekçi düzümleriniň 64-nji mejlisine (UNFCCC SB64)......