Serdar Berdimuhamedow “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigine gatnaşyjylary gutlady

  • 06.09.2021 08:30
  • 9.9k+

4-nji sentýabrda Nowruz ýaýlasyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow gatnaşyp, türkmen Lideriniň çagalara iberen Gutlagyny okady.

Döwlet Baştutanynyň Gutlagynda: «Siziň şirin aýdym-sazlaryňyz, sazlaşykly tanslaryňyz eziz Watanymyza, mähriban halkymyza bolan beýik söýgüdir. Mähriban Diýara, il-günümize wepalylygyň belent nusgasydyr, ruhubelentligimiziň hem-de bagtyýarlygymyzyň çeşmesidir. Siziň jadyly owazlaryňyz mukaddes Garaşsyzlygymyzy, oňyn Bitaraplygymyzy, synmaz berkararlygymyzy wasp edýän, ýurdumyzyňdyr halkymyzyň şan-şöhratyny äleme ýaýýan sungatdyr» diýlip bellenilýär.

Bäsleşigiň saýlama tapgyrlary jemleýji konsertden — ozal şäherlerde, etraplarda, welaýatlarda badalga alýar, birnäçe tapgyrda geçirilýär, olaryň netijesinde iň zehinliler kesgitlenilýär. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna aýry-aýry aýdymçylar, tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlary — geljekki “ýyldyzlar” gatnaşdylar.

Ýaş zehinleriň çykyşlary tomaşaçylaryň hiç birini biparh goýmady. Olaryň ýüzlerçesi sahnada bolup geçýän joşgunly çykyşlara tolgunmak bilen syn etdiler, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Tomaşaçylaryň el çarpyşmalary bilen, iň gowy we zehinli ýerine ýetirijileriň, ýeňijileriň atlary yglan edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan olara gymmat bahaly baýraklar hem-de diplomlar, bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisine ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Dabara tamamlanandan soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Ahal welaýatyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasyna täze awtobusy sowgat berdi.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......