Ahalyň hassahanalaryna-da Haýyr-sahawat gaznasyndan «Tiz kömek» awtoulaglary berildi

  • 27.08.2021 12:04
  • 13k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji awgustda Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Kaka etrabynda bina edilen täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşandan soňra, Ahal welaýatynyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň ýanyna gelip, welaýatyň şäher we etrap hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin täze “Tiz kömek” awtoulaglarynyň 10-syny bermek kararyna gelendigini mälim etdi.

Döwlet Baştutany ýaş nesil, onuň saglygy baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan welaýatyň şäher we etrap hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin täze “Tiz kömek” awtoulaglarynyň 10-syny bermek çözgüdi barada aýtdy we saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine täze, döwrebap ýörite awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Türkmen Lideri ýurdumyzda hereket edýän “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň esasy wezipesiniň keselleriň öňüni almakdan, olary anyklamakdan ybaratdygyny belläp, ýöriteleşdirilen “Tiz kömek” awtoulaglarynyň bu işde lukmanlaryň ýakyn ýardamçylaryna öwrüljekdigine ynam bildirdi.


düýn 23:49
223

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....