Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň diplomatlary owgan meselesini maslahatlaşdylar

  • 24.08.2021 09:30
  • 13k+

23-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça döwlet ministri, Uimbldonyň Lordy Ahmad bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Onuň dowamynda Owganystandaky ýagdaýlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär. 

Habarda bellenilişi ýaly, işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda taraplar Owganystandaky ýagdaýlary, şeýle hem umumy howplara we wehimlere garşy göreşmek meselelerini, halkara hyzmatdaşlygyň syýasy hem-de ynsanperwer ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de bu babatda gepleşikleri dowam etdirmegi ylalaşdylar.


düýn 17:31
1.1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....