Emomali Rahmonyň Türkmenistana döwlet sapary başlandy

  • 04.08.2021 10:43
  • 8.5k+

4-nji awgustda Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Türkmenistana döwlet sapary başlanýar. Saparyň çäklerinde dostlukly döwletiň Baştutany Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşyklary geçirer hem-de 6-njy awgustda Awazada geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygyna gatnaşar. Bu barada Türmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Täjigistan 1993-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy hakynda Teswirnama gol çekmek arkaly diplomatik gatnaşyklary ýola goýdular we deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň esasynda gatnaşyklaryny sazlaşykly alyp barýarlar. Turuwbaşdan, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň binýady iki döwletiň gyzyklanmalarynyň nazarda tutulmagy arkaly özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýar hem-de bu günki günde syýasy, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni we beýleki ugurlarda üstünlikli durmuşa geçirilýär. 
Daşary syýasatda Türkmenistanyň we Täjigistanyň garaýyşlary derwaýys sebit we halkara meseleleri babatda gabat gelýär. Ýurtlar GDA-nyň tertipnamalaýyn we pudaklaýyn edaralarynyň çäklerinde, halkara guramalaryň ençemesinde Merkezi Aziýada howpsuzlygyň üpjün edilmegi boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk saklaýarlar. Mälim bolşy ýaly, 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Çärä Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary gatnaşdylar. Bu merkeziň açylmagynyň, hususan-da, Owganystanda parahatçylygyň we durnuklylygyň gazanylmagy, suw serişdeleri bilen bagly bolan meseleleriň kadalaşdyrylmagy bilen birlikde, Merkezi Aziýada ýaragsyzlanmak hereketlerine itergi bermäge, sebitiň derwaýys beýleki meseleleriniň çözülmegine gönükdirilendigini bellemek zerurdyr.
Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasyndaky gatnaşyklar BMG, ÝHHG, GDA, YHG, ÝUNESKO hem-de beýleki halkara düzümleriň çäklerinde işjeň ösdürilýär. Muňa iki döwletiň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde alyp barýan önjeýli hyzmatdaşlygy-da aýdyň şaýatlyk edýär. Täjigistan Türkmenistanyň energetika howpsuzlygy, ulag, ekologiýa ugurly halkara başlangyçlaryny, şol sanda ýurdumyzyň halkara we sebit derejesindäki guramalara hem-de olaryň ýolbaşçy düzümlerine agzalyga saýlanmagyny hemişe goldaýar. Dostlukly ýurt BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalaryny goldady, şeýle-de energetika howpsuzlygy, üstaşyr ulag geçelgeleri, 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi bilen bagly we beýleki ençeme Kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş etdi.
Täjigistanyň şu ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy mejlisinde kabul edilen we Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamanyň hem awtordaşy bolup çykyş edendigini bellemek gerek. Öz nobatynda, Türkmenistan täjik tarapynyň halkara guramalara agzalyk boýunça ýüztutmalaryna we başlangyçlaryna oňyn baha berýär, Täjigistan tarapyndan BMG-de hem-de beýleki abraýly halkara, sebit guramalarynyň çäklerinde öňe sürülýän Kararnamalary goldaýar.
Täjigistan Respublikasynyň wekiliýetiniň 6-njy awgustda «Аwaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek ýokary derejeli nobatdaky çärelere hem işjeň gatnaşýandygyny bellemek wajypdyr.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Türkmenistana boljak döwlet sapary hem-de dostlukly ýurduň Lideriniň Hazaryň türkmen kenarynda geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşmagy iki doganlyk halkyň bähbidine gönükdirilen türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň has-da ösdürilmegine oňyn itergi bermek bilen, döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy ugrunda nobatdaky aýgytly ädimleriň biri bolar. 


şu gün 17:31
759

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
1.3k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.6k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....