Türkmenistanyň we Täjigistanyň ministrleri Emomali Rahmonyň Türkmenistana saparyny maslahatlaşdylar

  • 03.08.2021 14:03
  • 5.2k+

2-nji awgustda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda daşary işler ministri Raşid Meredowyň Täjigistan Respublikasynyň Senagat we täze tehnologiýalar ministri Şerali Kabir bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda taraplar giň gerimli türkmen-täjik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça iki döwletiň gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Taraplar Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana öňde boljak döwlet saparynyň ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary berkitmäge, şeýle-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ilerletmäge itergi berjekdigine ynam bildirip, senagat pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly pikir alyşdylar we iki döwletiň bu ugurdaky mümkinçilikleri barada gürrüň etdiler.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......