Türkmenistan Ýaponiýadan Toyota awtoulaglaryny we Komatsu tehnikalaryny satyn alar

  • 31.07.2021 16:42
  • 32k+

Ýakynda wagtda Ýaponiýadan Türkmenistana «Toyota» kysymly awtoulaglar hem-de «Komatsu» kysymly ýer gazyjy tehnikalar getiriler. Tehnikalary satyn almak işini Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky maliýeleşdiriler. Bu barada karz edarasynyň resmi saýty habar berýär.

Täze tehnikalary satyn almak barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi bilen Ýaponiýanyň  «Sumitomo Сorporation» kompaniýasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Ýaponiýanyň «Itoсhu Corporation» kompaniýasynyň arasynda degişli şertnamalar baglaşyldy.
Şertnamalarda awotoulag we ýer gazyjy tehniki serişdeleriniň ätiýaçlyk şaýlaryny hem satyn almak göz öňünde tutulýar.
Baglaşylan şertnamalar Niderlandlar Patyşalygynyň ING bankynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Frankfurt şäherindäki «ING-Diba AG» şahamçasyndan alynjak karz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdiriler. Munuň üçin Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen ýokarda görkezilen bankyň şahamçasynyň arasynda iki karz ugrunyň taýýarlanmagy boýunça Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama Türkmen tarapyndan gol çekildi.


05.06.2026 17:31
1.4k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.2k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.8k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....