Türkmen Lideri Saud Arabystany Patyşalygynyň täze ilçisi bilen duşuşdy

  • 28.07.2021 10:15
  • 4.3k+

27-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň wezipä täze bellenen Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Said Osman Ahmed Suweýdi kabul etdi. Ol türkmen Liderine ynanç hatyny gowşurdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow  dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, taraplaryň ähli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygyna esaslanýan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi. Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň birnäçe ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Diplomat tutuş dünýäde bolşy ýaly, Saud Arabystanynda hem Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny hem-de ýurdumyzyň häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge oňyn çemeleşmelerini goldaýandyklaryny nygtady. Şol syýasat bolsa, tutuş Merkezi Aziýada geosyýasy deňagramlylygyň, parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm şerti bolup durýar.
Pursatdan peýdalanyp, Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň Patyşasyna hem-de Mirasdüşer Şazadasyna özleri üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny aýtdy. Taraplaryň ylalaşmagy boýunça saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.


düýn 19:38
2.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......