Türkmen Lideri özbek kärdeşini doglan güni bilen gutlady

  • 25.07.2021 09:04
  • 7.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow telefon arkaly söhbetdeşlikde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi doglan güni bilen gutlady.

Türkmen Lideri Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda Özbegistanyň ähli ulgamlarda ýokary netijeleri gazanýandygyny belledi.
Telefon söhbetdeşliginiň barşynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ýurtlaryň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, esasan hem söwda, ykdysady, ulag, aragatnaşyk we medeni hem-de ynsanperwer ugurlardaky okgunly ösüşine kanagatlanma bildirdiler.
Şeýle hem Prezidentler şu ýylyň 6-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyny ara alyp maslahatlaşyp, öňde boljak çäräniň maksatnamasy babatda pikir alyşdylar.
Türkmen Liderimiz mundan başga-da, Özbegistanyň Prezidentini golaýda Daşkent şäherinde guralan Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky özara baglanyşygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ýokary derejedäki halkara maslahatyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Bu forumyň netijeleriniň sebitde taslamalaryň ilerledilmegine oňat esas bolup hyzmat etjekdigi nygtaldy.


şu gün 15:39
434

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.7k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....