Türkmen Lideri Ebrahim Raisini Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy

  • 21.07.2021 15:05
  • 5.9k+

Se­ýed Eb­ra­him Rai­si­ bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow eýranly kärdeşini Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Türkmen Lideri ýo­la goý­lan döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge, kö­pa­syr­lyk dost­luk, öza­ra dü­şü­niş­mek gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni aý­dyp, eý­ran­ly kär­de­şi­ni özi üçin is­len­dik amat­ly wagt­da res­mi sa­par bi­len Türk­me­nis­ta­na gel­mä­ge, şu ýy­lyň okt­ýabr we no­ýabr aý­la­ryn­da ge­çi­ril­jek Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­ň Baş­tu­tan­la­ry­nyň VI sam­mi­ti­ne, Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk gu­ra­ma­sy­na ag­za ýurt­la­ryň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li 15-nji du­şu­şy­gy­na gat­naş­ma­ga ça­gyr­dy. Bu du­şu­şyk Türk­me­nis­ta­nyň şu ýyl bu dü­züm­de baş­lyk­lyk et­me­gi­niň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­ler.
Biz Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy bi­len hem­me­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry yzy­gi­der­li ös­dür­mä­ge we pug­ta­lan­dyr­ma­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýä­ris di­ýip, türkmen Lideri nyg­ta­dy hem-de hä­zir­ki wagt­da sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da Türk­me­nis­tan bi­len Eý­ra­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň deň­hu­kuk­ly­lyk, bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da iş­jeň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di.


düýn 10:49
3.1k+

AHHG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde möhüm resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sebit we ekologiýa howpsuzlygy, Aral deňzini halas etmek we bu ugurda netijeli......

düýn 10:45
2.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Aral meselesi boýunça geçirilen mejlise gatnaşdy

22-nji aprelde Astanada geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitinden soň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň......

düýn 10:39
2.1k+

Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitinde anyk başlangyçlary öňe sürdi

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäheriniň Kongresler merkezinde «Durnukly geljek boýunça umumy garaýyş» atly Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) plenar mejlisi geçirildi. Sammitiň gün tertibine......

22.04.2026 19:17
6.3k+

Türkmenistan Astanadaky sammitde ekologik sebit merkezlerini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astanada «Durnukly geljek barada umumy garaýyş» mowzugy astynda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitinde (RES 2026) çykyş etdi. Bu barada......