Türkmenistan Abu-Dabiniň syýahatçylar üçin howpsuz ýurtlarynyň «ýaşyl» sanawyna girdi

  • 18.07.2021 08:16
  • 16k+

 

Türkmenistan Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtyna barmak üçin syýahatçylaryň hökmany karantinden boşadylýan howpsuz ýurtlaryň sanawyna girdi. Abu-Dabiniň Medeniýet we syýahatçylyk departamentiniň «ýaşyl» sanawyna ýurtlaryň jemi 35-si girýär. Bu barada thenationalnews.com neşirinde maglumat berildi.

«Ýaşyl» sanawyna girizilen ýurtlaryň arasynda Albaniýa, Ermenistan, Awstraliýa, Awstriýa, Azerbaýjan, Belgiýa, Kanada, Hytaý, Daniýa, Fransiýa, Germaniýa, Gonkong, Wengriýa, Islandiýa, Ysraýyl, Italiýa, Iordaniýa, Malta, Mawrikiý, Moldowa, Niderlandlar, Täze Zelandiýa, Norwegiýa, Irlandiýa, Rumyniýa, Saud Arabystany, Seýşel adalary, Singapur, Günorta Koreýa, Şwesiýa, Şweýsariýa, Hytaýyň Taýwan welaýaty, Türkmenistan, ABŞ we Watikan bar. 
Bellenilişi ýaly, şu ady agzalan ýurtlardan gelýän ýolagçylara karantinde bolmak zerurlygy ýok, ýöne olar Abu-Dabide bolanlarynda, ýerli howa menzilinde koronawirusy anyklaýan PZR testini tabşyrmaly. Abu-Dabiniň, Bahreýniň, Gresiýanyň, Serbiýanyň we Seýşel adalarynyň arasynda «ýaşyl» geçelgeler hereket edýär. Munuň özi şu ýurtlara barlanda hem-de Birleşen Arap Emirliklerine yza dolanylanda, karantin çäklendirmesiniň ýokdugyny aňladýar.
«Ýaşyl» sanawa girýän ýurtlaryň sanjym edilmedik raýatlary hem-de BAE-niň wekilleri Abu-Dabi şäherine gelenlerinde üç gezek PZR testini tabşyrmaly: şähere baranlarynda, paýtagtda bolýan 6-njy hem-de 12-nji günlerinde.
Beýleki ähli ýurtlaryň raýatlary 12 günlük karantinde bolup, elektron goşarlyklary dakynmaly hem-de Abu-Dabide bolýan 11-nji gününde PZR test tabşyrmaly.

 

 

 


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......