Türkmenistan Merkezi Aziýa — Günorta Aziýa Işewürler geňeşini döretmegi teklip etdi

  • 17.07.2021 01:28
  • 4.9k+

16-njy iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti “Merkezi we Günorta Aziýa: sebitleýin özara baglanyşyk. Wehimler we mümkinçilikler” atly ýokary derejeli halkara maslahata gatnaşdy. Oňa dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 250-den gowrak wekiller gatnaşdylar. Olaryň arasynda döwlet we hökümet Baştutanlary, daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary, abraýly halkara we sebit guramalarynyň, maliýe düzümleriniň ýolbaşçylary bar. Maslahaty şöhlelendirmek üçin dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň onlarça žurnalistleridir wekilleri Daşkent şäherine bardylar.

Maslahatyň açylyşynda gatnaşyjylar Özbegistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň, Pakistanyň Premýer-ministriniň, BMG-niň Baş sekretarynyň, şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekiliniň – Ýewropa komissiýasynyň wise-prezidentiniň giriş çykyşlaryny diňlediler.
Soňra “Merkezi we Günorta Aziýa: sebitleýin özara baglanyşyk” atly tema boýunça plenar mejlis başlady. Plenar mejlisde Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi. Raşid Meredow öz çykyşynda sebitleriň arasynda söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berdi hem-de netijeli ulag we energiýa taslamalary döretmek barada Türkmenistanyň işjeň garaýyşlaryny beýan etdi hem-de bu taslamalara Owganystanyň gatnaşmagynyň ähmiýetini nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy sebitara hyzmatdaşlygyň çäklerinde döwletleriň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek we giňeltmek maksady bilen, Merkezi Aziýa — Günorta Aziýa Işewürler geňeşini döretmegiň mümkinçiliklerine seretmegi teklip etdi. Lukmançylyk we saglygy goraýyş ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen bir hatarda, ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda türkmen tarapynyň gyzyklanmasy beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň ylmy-lukmançylyk diplomatiýa ulgamynda ysnyşykly halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky çakylygy tassyklanyldy.


düýn 22:17
1.7k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
4.8k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......