Owganystanda durnuklylygy saklamak meselesi türkmen-täjik gepleşikleriniň esasyny düzdi

  • 16.07.2021 09:34
  • 9.2k+

15-nji iýulda Daşkent şäherinde Özbegistan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow täjigistanly kärdeşi Sirojiddin Muhriddin bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-inde habar berişleri ýaly, söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda ýokary derejeli duşuşyklary geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilýän syýasy geňeşmeleriň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Ikitaraplaýyn türkmen-täjik hereketleriniň oňyn depginini nygtamak bilen, ministrler söwda-ykdysady, ulag, oba hojalygy, suw ulanyş we beýleki ileri tutulýan ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna baha berdiler. Howpsuzlyk hem-de häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek ulgamyndaky sebitleýin hyzmatdaşlyk ara alyp maslahatlaşmalaryň esasyny düzdi. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň goňşy Owganystanda syýasy durnuklylygyň saklanylmagyna gönükdirilen tagallalarynyň aýratyn ähmiýeti nygtaldy.


şu gün 15:39
434

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.7k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....