Daşkentde Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministleriniň mejlisi geçirildi

  • 15.07.2021 20:21
  • 10k+

14-nji iýulda türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministleriniň mejlisi geçirildi.

TmCars.info-nyň öň habar berşi ýaly, «Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanşygy. Wehimler we mümkinçilikler» atly ýokary derejedäki halkara maslahatyna Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary gatnaşdy.
Mejlisiň dowamynda taraplar sebit ýurtlarynyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň iň derwaýys meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.
Gepleşikleriň esasy maksady Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk, şeýle hem onuň çäklerinde geçiriljek syýasy, ykdysady we ynsanperwer häsiýetli çäreleri ara alyp maslahatlaşmak boldy. Bu duşuşygy şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda geçirmeklik meýilleşdirilýär.
Ministrler ýakyn wagtda geçiriljek duşuşygyň gün tertibi barada pikir alyşdylar hem-de onuň şertnama-kanunçylyk binýadyny, hususan-da, kabul edilmegi meýilleşdirilýän resminamalary ara alyp maslahatlaşdylar. Guramaçylyk we protokol meselelerine hem jikme-jik seredildi.
Mundan başga-da, ministrler sebit meselelerine we köptaraplaýyn guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar, hem-de daşary syýasat ugry boýunça özara hereketleriň pugtalandyrylmagy barada ylalaşdylar.


düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.1k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
740

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......