BTK ugry boýunça Türkmenistan 6 aýda 912 TEU ýük iberdi

  • 14.07.2021 14:04
  • 8.1k+

2021-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Baku-Tbilisi-Kars demir ýol ugry boýunça jemi 11084 TEU (20 metrlik standart konteýner) daşaldy. AZERTAG agentliginiň ADY Container-e — «Azerbaýjan demir ýollary» ÝGPJ-niň golçur kärhanasyna salgylanyp habar bermegine görä, bu rekord görkeziji bolup, ol geçen ýylyň tutuş dowamynda bu ugurdan daşalan konteýnerleriň umumy sanyna (11748 TEU) ýetýär diýen ýaly.

BTK ugrunyň üsti bilen Türkiýä üstaşyr daşamanyň umumy mukdarynyň aglabasy Gazagystandan - 3206 TEU daşaldy, Hytaý ikinji ýerde - 2915 TEU, Türkmenistan üçünji ýerde - 912 TEU, soňra Özbegistan - 747 TEU.
Şu ýylyň ýanwar aýyndan bäri BTK demir ýolunyň üsti bilen 369 TEU import, 397 TEU eksport hem-de 10318 TEU üstaşyr ýükleri işlenildi. Konteýner önümlerine esasan reňkli metallurgiýa we himiýa önümleri, tehnika, däne we galla önümleri, dokma önümleri, haýwan iýmiti we gurluşyk materiallary girdi.
Baku-Tbilisi-Kars demir ýoly 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanylmaga berildi. Tranzit bu ugurdaky umumy ýük gatnawynyň 81% -ini tutýar.


düýn 23:15
2k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 20:14
1.5k+

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

30.04.2026 17:05
2.2k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

30.04.2026 16:01
2.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....