Söwda toplumy: eksporty artdyrmaly, telekeçileri goldamaly, azyk bolçulygyny döretmeli

  • 11.07.2021 06:43
  • 5.9k+

Söwda we telekeçilik pudagynda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada Ç.Gylyjowyň beren hasabatyna laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 119,7 göterime, öndürilen önümleriň ösüşi bolsa 111,8 göterime barabar boldy.

Dokma senagaty ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 112,4  göterime, nah matalaryň, 102,3 göterime, tikin we örme önümleriniň önümçiligi 123,4 göterime, gön önümleriniň önümçiligi 103,6 göterime barabar boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 113 göterim ýerine ýetirildi.
Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça ýanwar-iýun aýlarynda birža söwdalarynyň 148-si geçirilip, 16 müň 143 şertnama hasaba alyndy.
Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 108,9 göterime barabar boldy.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüşi 136,3 göterime, senagat önümleriniň ösüşi bolsa 119 göterime deň boldy.
Türkmen Lideri ähli ugurlarda  telekeçileri giňden goldamak syýasatynyň geljekde-de dowam etdiriljekdigini aýdyp, dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlara baglylykda, içerki bazaryň azyk we beýleki ilkinji nobatda zerur bolan harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga degişli anyk tabşyryklary berdi. Bar bolan önümçilikleri netijeli ulanyp, öndürilýän önümleriň, edilýän hyzmatlaryň möçberini we görnüşlerini artdyrmak zerurdyr. Şeýle hem ýurdumyzda öndürilýän önümleriň Döwlet haryt-çig mal biržasynda ýokary bäsleşik esasynda amatly bahalardan eksport edilmegini gazanmak wajypdyr.
Şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek Bütindünýä sergisine ýokary derejede taýýarlyk görmegi, sergide Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitlerini we gazanan üstünliklerini giňden görkezmegi; sanly ulgam arkaly ýerli we daşary ýurtly alyjylar üçin ýurdumyzda öndürilýän önümleriň sanawy, hili, bahasy baradaky türkmen we daşary ýurt dillerindäki maglumatlaryň elýeterli bolmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.


31.01.2026 02:46
2.4k+

Aşgabatda geçiriljek sergä Türkiýäniň 100-e golaý kompaniýasy gatnaşar

Şu ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkiýäniň dürli ugurlarda ýöriteleşen 100-e golaý kompaniýasy hasaba alyndy...

30.01.2026 12:22
2.2k+

Aşgabatda mart aýynda IFT 2026 halkara maýa goýum forumy geçiriler

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy (IFT 2026) 18-nji martda Aşgabatda geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda bolar. Forumyň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi TMT Consulting Group konsalting kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär...

28.01.2026 13:31
1.8k+

Türkiýäniň söwda ministri Aşgabatda geçiriljek türk eksport harytlarynyň sergisine gatnaşar

2026-njy ýylyň 10–12-nji fewraly aralygynda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport önümleriniň 12-nji sergisi geçiriler. Serginiň açylyş dabarasyna öz ýurdunyň resmi wekiliýetine ýolbaşçylyk etmek bilen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Omer Bolat gatnaşar...

08.11.2025 09:37
5.5k+

ABŞ-da türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlediler

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde «Türkmen-amerikan işewürler hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze mümkinçilikleri we geljegi» atly işewürlik maslahaty geçirildi...