Türkmen Lideri egindeşleri bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi

  • 07.07.2021 12:09
  • 12k+

Sebitiň ulag-logistika ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşmak üçin 6-njy iýulda Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyran Türkmenistanyň Prezidenti egindeşleri bilen Awazanyň çägi boýunça gezelenç edip, onuň dowamynda bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň adamlaryň amatly dynç alşynyň üpjün edilmegine, olaryň saglyklarynyň berkidilmegine gönükdirilendigini belledi.

Türkmen Lideri jana şypaly deňiz howasy bilen birlikde, amatly howa ýagdaýyny we oňaýly ekologik ulgamy üpjün edip, dynç alýanlaryň sagdyn bolmagyny, özlerini oňat duýmaklaryny kepillendirýän Awaza derýasyny synlady.
Soňra egindeşleri bilen çaý başynda Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň netijeleri boýunça maslahat geçirip, onuň dowamynda ýurdumyzyň sebitlerini, hususan-da, Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alyşdy.


03.05.2026 14:32
14k+

Arkadag şäherinde bilim alýanlar üçin birnäçe talyp haklary giriziler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň......

03.05.2026 13:49
6.9k+

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda 4284 maşgala üçin ýaşaýyş jaýlary gurlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine saparynyň çäklerinde geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet......

03.05.2026 13:30
1.4k+

Arkadag şäheriniň wekiliýeti Bakuda Şäherleriň Bütindünýä Forumynyň mejlisine gatnaşar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine saparynyň çäklerinde bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we......

22.04.2026 14:54
3.6k+

Bedew baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde täze jaýlaryň açarlary gowşurylar

Arkadag şäherinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna işjeň taýýarlyk görülýär. Bu baýram mynasybetli şäher ilatyna täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak meýilleşdirilýär diýip, häkim......