Türkmen Lideri keselleriň ýaýramagyna garşy göreş çärelerini berkitmegi tabşyrdy

  • 28.06.2021 13:37
  • 29k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň raýatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi.

Iş maslahatynyň gün tertibine geçip, türkmen Lideri häzirki döwürde dünýäde koronawirus ýokanjynyň indi beýleki görnüşleri bilen keselleýän adamlaryň sanynyň köpelýändigini belledi. Soňra döwlet Baştutany Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň hem-de şu toparyň başlygynyň orunbasary, içeri işler ministriniň orunbasary Ö.Hojanyýazowyň häzirki döwürde ýurdumyzdaky ýagdaý, bu ugurda geçirilýän anyk işler baradaky hasabatlaryny diňledi.
Iş maslahatynyň dowamynda saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, adatdan daşary toparyň başlygy N.Amannepesow täze, has netijeli waksinalary satyn almak boýunça degişli Kararyň taslamasyny türkmen Lideriniň garamagyna hödürledi.
Döwlet Baştutany iş maslahatyny dowam edip, täze koronawirus ýokanjynyň bütin dünýäde giňden ýaýran pandemiýa şertlerinde ýurdumyza bu ýokanjyň aralaşmagynyň öňüni almak hem-de raýatlarymyzyň saglygyny goramak üçin ähli zerur işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Gören çärelerimiziň netijesinde häzire çenli ýurdumyzda bu ýokanç kesel bilen kesellenen ýagdaý ýüze çykarylmady. Ýöne, muňa garamazdan, biz ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny güýçlendirmelidiris. Täze koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy goşmaça göreş çärelerini görmelidiris diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi.
Türkmen Lideri dürli ýokançlaryň ýaýramagynyň öňüni almak we raýatlarymyzyň saglygyny goramak üçin bu ýerde Dolandyryş merkeziniň döredilendigini aýtdy. Prezident Dolandyryş merkeziniň işini güýçlendirmek üçin, merkeziň ýolbaşçylaryny çalyşmak barada karara gelendigini aýdyp, bu baradaky hem-de Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň düzümini tassyklamak hakyndaky resminamalara gol çekdi.
Soňra milli Liderimiz saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy N.Amannepesowa ýüzlenip, dynç alyş möwsümi döwründe, ýurdumyzyň gurak howaly zolaga girýändigini nazara alyp, keselleriň ýaýramagyna garşy göreş çäreleriniň kesgitlenen düzgünlere laýyklykda alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi. Şunlukda, degişli aralygyň saklanmagy, agyz-burun örtükleriniň ulanylmagy we şahsy arassaçylyk kadalarynyň berk berjaý edilmegi möhüm talap bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz zolakda deňiz suwunyň we howasynyň bakteriologik barlaglaryny yzygiderli geçirip durmagy, ýurdumyzyň epidemiologik ýagdaýyna gündelik seljeriş işlerini geçirmegi we ony berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz şu toparyň başlygynyň orunbasary, içeri işler ministriniň orunbasary Ö.Hojanyýazowa ýüzlenip, zolakda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, içeri işler edaralarynyň nobatçylyk edýän döwründe bellenen tertipde rugsatnama resmileşdirilen adamlary olaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamasy esasynda zolaga goýbermek, zolak üçin niýetlenen ulaglaryň ýörite duralgalarda durmagyny üpjün etmek hem-de dynç alyş zolagyna girmäge diňe ýöriteleşdirilen ulaglara rugsat bermek meselelerine üns berilmelidir diýip belledi.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.5k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.5k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......