GreenSmartphones-iň barlaglary haýsy smartfon öndürijileriň ekologiýa taýdan has howpsuzdygyny görkezdi.
Çeşmäniň hünärmenleri kompaniýalara birtopar kriteriýalar boýunça baha berdiler:
- Soňky ýylda bug gazlarynyň gönüden-göni zyňyndylarynyň artmagy/kemelmegi
- Uglerod neýtrallygy
- Ekologiýa maksatlary
- Gaplamada plastikleriň sanynyň kemelmegi
- Gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ulanylmagy
- Gaýtadan işlenen galyndylaryň paýy
- Gaýtadan işlenen materiallaryň göterimi
- Gaýtadan işlenen gurluşlaryň sany.
Ahyrda Apple öňde bolup çykdy, onuň yzyndan Google we garaşylmadyk ýagdaýda Sony gelýär. Agzalan ýagdaýda diňe ýylda öndürýän smartfony 1 mln-dan az bolmadyk kompaniýalar göz öňünde tutuldy. Ondan soň reýtingde Samsung, Vivo, Huawei, Oppo, Alcatel, Motorola, Xiaomi we OnePlus gelýär. Ýene haýsy kompaniýalara baha berleni belli däl, ýöne jedwelde görkezileni şol 11. Soňky ýylyň içinde bug gazlarynyň zyňyndylarynyň diňe Apple-de, Vivo-da, Oppo-da, Alcatel-de we Motorola-da azalandygyny, ýöne şol agzalan OnePlus-yň görkezijisiniň welin 160%-denem kän artandygyny aýratyn bellemek gerek.