Madridiň “Realy” çempion kubogyny aldy

  • 13.05.2024 15:55
  • 22k+

Madridiň “Realy” La Liganyň çempion kubogyny aldy. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berýär.

 

 

Kubogyň gowşurylyş dabarasy klub bazasynda geçirildi, baýrak madridlileriň kapitany Naço Ispaniýanyň Patyşalyk futbol federasiýasynyň prezidenti Pedro Roçiniň elinden gowşuryldy.
Karlo Ançelottiniň ýolbaşçylygyndaky topar La Liganyň 34-nji tapgyrynyň Kataloniýanyň “Žironasy” bilen “Barselonasynyň” arasyndaky oýnundan soň bäsdeşler üçin yzyndan ýetmezek boldy, bu oýun 4:2 hasabynda Miçeliň toparynyň peýdasyna tamamlandy.

 

Ýurduň çempionatynyň 34-nji tapgyryndaky oýnunda paýtagt kluby öz meýdançasynda “Kadisden” üstün çykdy. 72 654 tomaşaçynyň gatnaşmagynda “Santýago Bernabeu” stadionynda geçirilen oýun ýer eýeleriniň 3:0 hasabynda ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy.
“Real” üçin bu çempionlyk tituly taryhda 36-njy boldy. Bu görkeziji boýunça madridliler ispan birinjiliginiň absolýut liderleridir.


düýn 23:46
975

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

düýn 23:02
1.2k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

düýn 00:17
8.1k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

03.06.2026 15:45
10k+

UEFA Gurban Berdiýewiň «Turan-Towuz» toparyny ýewrokuboklardan çetleşdirdi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» klubuny 2026/27 möwsüminiň Konferensiýa ligasyna gatnaşmakdan çetleşdirdi. Bu çözgüt 2019-njy ýylda klubuň ýedi futbolçysynyň......