Ekologiýa taýdan has howpsuz smartfon öndürijileriň reýtingi

  • 15.10.2022 09:47
  • 14k+

GreenSmartphones-iň barlaglary haýsy smartfon öndürijileriň ekologiýa taýdan has howpsuzdygyny görkezdi.

Çeşmäniň hünärmenleri kompaniýalara birtopar kriteriýalar boýunça baha berdiler:

  • Soňky ýylda bug gazlarynyň gönüden-göni zyňyndylarynyň artmagy/kemelmegi
  • Uglerod neýtrallygy
  • Ekologiýa maksatlary
  • Gaplamada plastikleriň sanynyň kemelmegi
  • Gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ulanylmagy
  • Gaýtadan işlenen galyndylaryň paýy
  • Gaýtadan işlenen materiallaryň göterimi
  • Gaýtadan işlenen gurluşlaryň sany.

Ahyrda Apple öňde bolup çykdy, onuň yzyndan Google we garaşylmadyk ýagdaýda Sony gelýär. Agzalan ýagdaýda diňe ýylda öndürýän smartfony 1 mln-dan az bolmadyk kompaniýalar göz öňünde tutuldy. Ondan soň reýtingde Samsung, Vivo, Huawei, Oppo, Alcatel, Motorola, Xiaomi we OnePlus gelýär. Ýene haýsy kompaniýalara baha berleni belli däl, ýöne jedwelde görkezileni şol 11. Soňky ýylyň içinde bug gazlarynyň zyňyndylarynyň diňe Apple-de, Vivo-da, Oppo-da, Alcatel-de we Motorola-da azalandygyny, ýöne şol agzalan OnePlus-yň görkezijisiniň welin 160%-denem kän artandygyny aýratyn bellemek gerek.


21.05.2026 22:52
8.3k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....

20.05.2026 12:56
2.6k+

Özbegistan 2027-nji ýylyň türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip atlandyrylmagyny teklip etdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoew 2027-nji ýyly türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip yglan etmegi teklip etdi. Bu başlangyç Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň Türküstan......

16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

12.05.2026 14:49
4.3k+

Jeff Bezos we Loren Sançes ekologiýa taýdan arassa matalary döretmek üçin 34 million dollar berdiler

Jeff Bezos we Loren Sançes poliesterdir pagta ýaly materiallaryň ornuny tutjak ekologiýa taýdan arassa önümleri işleýän ylmy merkezleri goldamak üçin 34 million dollar serişde goýberdiler....