Google kompaniýasy Chrome brauzeri üçin gyssagly täzelenme çykardy

  • 13.05.2024 20:27
  • 5.2k+

Google kompaniýasy howply gowşaklygy düzetmek üçin Chrome brauzeriniň täzelenmesini çykardy diýip, HelpNetSecurity portaly ýazýar.

Kiberhowpsuzlyk pudagyndaky hünärmenler Chrome-da ulanyjylaryň gurluşlarynda maglumatlara birugsat girmäge, ulgam bökdençliklerine ýa-da uzak aralykdan koduň ýerine ýetirilmegine sebäp bolup biljek CVE-2024-4671 gowşaklygyny tapdylar. Betpäl adamlar bu kemçiligi eýýäm öz maksatlary üçin işjeň ulanýarlar.
Google ähli goldanýan platformalar üçin täzelenme çykardy: Windows, macOS we Linux. Windows ulanyjylary üçin täzelenme belgisi – 124.0.6367.202, Mac we Linux üçin – 124.0.6367.201.
Gowşaklygyň ulanylmagy zyýanly programma üpjünçiligini gurnamak, maglumatlary ogurlamak, administratoryň hukuklary bilen täze akkauntlary döretmek ýaly çynlakaý netijelere getirip biler.
Google Chrome ulanyjylaryna gurluşlary howpsuzlandyrmak üçin brauzeri mümkin boldugyndan çalt täzelemegi maslahat berýär.
Bu mesele Chromium binýadynda gurlan Microsoft Edge we Brave ýaly beýleki brauzerlere-de degişlidir. Bu brauzerleri işläp düzüjiler gowşaklygy düzetmegiň üstünde eýýäm işleýärler.


03.06.2026 18:12
6.7k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.7k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....

27.03.2026 17:36
6.8k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......