Google DeepMind emeli aňa latyn ýazgylarynyň ýitirilen böleklerini dikeltmegi öwretdi

  • 27.07.2025 20:19
  • 3k+

Google DeepMind kompaniýasy gadymy latyn ýazgylarynyň ýitirilen böleklerini dikeltmäge ukyply Aeneas atly açyk neýroulgamy döretdi. Maglumat taslamanyň resmi web sahypasynda ýerleşdirildi. Işläp taýýarlama taryhçylara we epigrafistlere Rim ýazuwynyň zeper ýeten ýadygärliklerini düşündirmäge kömek etmegi maksat edinýär.

Aeneas konteksti seljermek arkaly işleýär: artefaktyň tapylan döwri we ýeri göz öňünde tutulýar, bu mümkin bolan wariantlaryň gerimini daraltmaga mümkinçilik berýär. Model belli bir döwür we sebit üçin häsiýetli söz goruny hem-de şol döwrüň möhüm wakalaryny deňeşdirýär. Bu algoritmiň ýitirilen sözleri mümkin boldugyça takyk “çaklamagyna” kömek edýär. Şol bir wagtyň özünde işläp düzüjiler, esasan hem ýitirilen bölekleriň uzynlygy belli bolmadyk ýagdaýynda, modeliň takyklygyny kepillendirmeýändiklerini belleýärler. Zeper derejesi belli bolan ýazgylarda dikeldiş takyklygy 73 %-e çenli ýetýär, uzynlygy näbelli bolan ýagdaýynda bolsa – 58 %.
Aeneas ady Gadymy Rim eposyndaky Eneýanyň hormatyna dakylan. Ol DeepMind toparynyň Nottingem, Uorwik, Oksford we Afina uniwersitetleriniň alymlary bilen bilelikde döredilipdir.
Algoritm takmynan 176 müň latyn ýazgylary (jemi 16 million simwol) esasynda türgenleşdirildi. Ol tekst we wizual maglumatlary gaýtadan işläp, ýazgynyň nirede (62 welaýatyň birinde) we haçan (takyklygy ±13 ýyla çenli) döredilendigini kesgitleýär. Şeýle hem stil, görnüş we kontekst boýunça meňzeş tekstleri tapýar.
Aeneas-yň interaktiw wersiýasy predictingthepast.com saýtynda elýeterlidir. Kody we maglumat bazasy barlag maksady bilen açykdyr.
Işläp düzüjileriň pikiriçe, EA-ny epigrafiýada ulanmak maglumatlar bölekleýin ýitiren ýagdaýynda hem köp taryhy maglumatlary dikeltmäge mümkinçilik berer. Galyberse-de, Aeneas aýratyn sözlerde ýalňyşlyga ýol berse-de, tekstiň esasy manysyny aýdyp bilýär.


03.06.2026 18:12
6.4k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......