Samsung köne smartfonlary Galaxy Z Fold 7 bilen çalyşmak programmasyny giňeltdi: Pixel 9 goşuldy

  • 25.07.2025 11:50
  • 5.2k+

Samsung ulanyjylaryň köne smartfonlaryny Galaxy Z Fold 7 smartfonyna çalyşmagy üçin trade-in programmasynyň şertlerini täzeledi. Çalşyp boljak gurluşlaryň sanawyna ozal programma girmeýän Pixel 9 hatary hem goşuldy. Bu barada Droid-life portaly ýazýar.

Indi Pixel 9-yň eýeleri täze smartfony satyn almak üçin arzanladyş alyp biler. Pixel 9 Pro Fold we Pixel 9 Pro üçin 600 dollar, esasy Pixel 9 modeli üçin bolsa 450 dollar möçberde arzanladyş göz öňünde tutuldy. Şeýle-de, programma gatnaşyjylar smartfonyň ýadyny mugt ulaldyp biler.
Bu programma Samsung-yň beýleki smartfon modellerini-de öz içine alýar. Galaxy Z Fold 6-ny ýa-da Galaxy S25 Ultra-ny çalyşmak 1000 dollar, Galaxy Z Fold 5 – 900 dollar, Galaxy Z Fold 4 we Galaxy S24 Ultra – 800 dollar arzanladyş berýär. Galaxy Z Flip 6, Galaxy S25+ we Galaxy S24+ üçin 700 dollar, Galaxy Note 20 Ultra, Galaxy S23 Ultra, Galaxy S23+ we Galaxy Z Flip 5 üçin bolsa 600 dollar arzanladyş hödürlenýär.


12.05.2026 14:43
7.2k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....